Rewolýusiýanyň ýokary ýolbaşçysy mugallymlar bilen duşuşygynda: okuwçylar eýranlydygyna buýsanmalydyrlar
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri mugallymlar bilen bolan duşuşygynda ýurduň çagalarynda eýran we yslam şahsyýetini we milli häsiýetini janlandyrmalydygyny aýdyp okuwçylar eýranlydygyna buýsanmalydyrlar we buýsanjy hem bardyr diiýp nygtadylar.
Şehit Motahariniň şehitlik derejä ýeten gününiň ýyl dönümi bilen kybaplaşdyrlan mugallymlar gününde, ýurduň dürli künjeklerinden gelen mugallymlar we intellektuallar şu gün irden (sişenbe) Ymam Humeýniniň Hüseýineýsinde huzurly bolup Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hameneýi bilen duşuşdylar.
Aýatolla Hameneý, bu duşuşykda şehit Aýatolla Motahariniň hatyrasyna hormat goýmak bilen; Sözüň hakyky manysynda Şehit Motahhari mugallymdy diýmek bilen Mekdep mugallymlarymyzda ýa-da uniwersitet mugallymlarymyzda garaşýan şol häsiýetlerimiziň hemmesi bu adamda bardy; Şehit Motahariniň işinde ylym, ygrarlylyk, takyklyk, yzarlamak,we tertip-düzgün bardy diiýp beýan etdiler.
Aýatolla Hameneýi Hezretleri sözüniň dowamynda Onuň şehit bolmagy ýurt üçin bereketlerem boldy diýmek bilen Özi-de ýokary derejä ýetdi we eserleri bu şehitligiň netijesinde jemgyýetiň ýüreginde orun aldy, ýazgylaryny we taýýarlanan leksiýalaryny esasanam mugallymlar okamagyny maslahat berýärin diýdiler.
Häzirki wagtda mugallymlar hakda ilkinji aýtjak zadym, mugallymlar jemgyýetine sag bolsun aýtmak; Yslam ulgamynyň bu näbelli esgerleri, yslam we musulmanlar ýurduň iň uzak ýerlerinde ümsümlikde işleýärler.
Mugallymlar köp kynçylyklar bilen işleýärler. Aslynda bu mugallymlar jemgyýeti milletiň çagalaryna bilim berýärler we olary ýagty geljege taýýarlaýarlar Aýatolla Hameneýi Hezretleri nygtadylar.
Mugallym aslynda ýurduň geljeginiň binagäri; Bu gün ýurduň ertirini gurýarsyňyz diiýp mertebesi belent ýolbaşçysy sözüne goşdylar.