Amir Abdollahýanyň Yragyň Daşary işler ministri bilen geňeşmesi
Eýranyň we Yragyň daşary işler ministrleri iň möhüm sebit we halkara meseleleri we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar.
Tasnim habar gullugynyň habaryna görä, sişenbe güni agşam Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian we Yragyň Daşary işler ministri Fawad Huseýin iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek barada pikir alyşdylar.
Yragyň Daşary işler ministri geçen şenbe güni (29-njy aprel) Yrak Respublikasynyň prezidenti Abdul Latif Reşid bilen Tährana sapar edipdi.
"Fawad Huseýin" Yraga gaýdyp geleninden soň Tährana eden sapary barada twitter sahypasynda "Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian bilen sebitdäki özgerişler, şol sanda Eýran bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky şertnama, Tähranyň Waşington bilen gatnaşyklaryny, Siriýadaky ýagdaýy we özara gyzyklanýan meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin gowy pursat boldy diýip ýazdy.
Günbatar Aziýanyň arap ýurtlarynyň arasynda Yrak, Eýran bilen medeni we dini taýdan has ýakyndyr.