Prezidentiň Siriýa sapary; Sebitara tertibiň emele gelmegi
May 08, 2023 10:50 Asia/Ashgabat
Günbatar Aziýa sebitindäki täze syýasy wakalardan soň Eýran Respublikasynyň Prezidentiniň Siriýa eden taryhy sapary, Eýrana gönükdirilen täze sebit tertibiniň emele gelendigini görkezýär.
Eýran bilen Saud Arabystany gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak barada ylalaşandan soň, sebitiň syýasy we ykdysady deňlikleri täze tapgyra gadam basdy we sebitde tertip jaňy ýaňlandy.
Prezident Ybraýym Raisi Siriýanyň prezidenti Başar Assad bilen bolan duşuşygynda: "Garşylyk fronty Yslam respublikasy tarapyndan goldanýar we sebitiň häzirki tertibi Garşylyk frontunyň nepine we duşmanlaryň zyýanynadyr" -diýdi.