"Kanaani": Eýranyň çynlakaý syýasaty, Halkara Atom Energiýasy Guramasy bilen baglanyşykly meseleleri çözmek
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Agentligiň täze kameralaryny oturtmak baradaky hasabatlara ünsi çekip Eýranyň çynlakaý syýasaty, Halkara Atom Energiýasy Guramasy bilen problemalary we düşünişmezlikleri çözmekdir diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Nasser Kanani" şu gün (duşenbe) hepdelik metbugat ýygnagynda: Eýran Yslam Respublikasynyň parahatçylykly ýadro işleri bilen baglanyşykly meselelere güman edilýän toslamalar görnüşde ara atylýan meseleleriň, Eýranyň Halkara Atom Energiýasy Guramasy bilen Eýranyň hyzmatdaşlygy prosesinde päsgelçilik döretmegine rugsat bermeris diýip nygtady.
Kanani şeýle hem Eýrana garşy bolup biljek sanksiýalar barada biz çaklamalara esaslanyp hereket etmek islemeýäris we Eýran döwleti Eýran halkynyň hukuklaryny goramak meselesine çynlakaý çemeleşýändigini görkezdi we habar berşimiz ýaly Eýranyň ýadro işleri prahatçylyklydyr diýip yglan etdi.