Şwesiýanyň mejlisiniň Yslam Rewolýusiýasynyň Sepah Pasdaranyna garşy alyp barýan işine Eýranyň reaksiýasy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i21664-Şwesiýanyň_mejlisiniň_yslam_rewolýusiýasynyň_sepah_pasdaranyna_garşy_alyp_barýan_işine_eýranyň_reaksiýasy
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Şwesiýanyň Mejlisiniň Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusy baradaky hereketiniň terrorçy elementleriň we Eýran halky tarapyndan ret edilenleriň täsiri astynda bolandygyny aýtmak bilen şwesiýalylara Şwesiýanyň milli bähbitlerini we Eýran milletiniň duşmanlarynyň bähbidi üçin iki ýurduň arasynda köpden bäri dowam edip gelýän gatnaşyklary gurban etmezlik barada duýduryş berdi.
(last modified 2023-05-11T06:09:58+00:00 )
May 11, 2023 11:09 Asia/Ashgabat
  • Şwesiýanyň mejlisiniň Yslam Rewolýusiýasynyň Sepah Pasdaranyna garşy alyp barýan işine Eýranyň reaksiýasy

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Şwesiýanyň Mejlisiniň Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusy baradaky hereketiniň terrorçy elementleriň we Eýran halky tarapyndan ret edilenleriň täsiri astynda bolandygyny aýtmak bilen şwesiýalylara Şwesiýanyň milli bähbitlerini we Eýran milletiniň duşmanlarynyň bähbidi üçin iki ýurduň arasynda köpden bäri dowam edip gelýän gatnaşyklary gurban etmezlik barada duýduryş berdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Naser Kanani Çafi" penşenbe güni Şwesiýanyň mejlisiniň Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň adynyň Ýewropa Bileleşiginiň terroristi guramalary sanawyna goşulmagy baradaky akyl paýhassyz hereketine jogap edip Yslam Ynkylabynyň Sepah Pasdarany, Eýran halkynyň içinden çykan we Eýran Yslam Respublikasynyň konstitusiýasyndan çykarylan resmi we kanuny şahsyýeti bolan ýaragly güýçleriň beýleki elementleri bilen bilelikde ýurduň milli we serhet howpsuzlygyny goramakda jogapkärçilik çekýän özygtyýarly edaradyr diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary şeýle-de Eýran Yslam Respublikasynyň milli howpsuzlygyny we territorial bitewiligini goramak jogapkärçiliginden başga-da, Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusy Takfiri we Daeş halkara terrorçylygyna garşy göreşde hem aýgytly rol oýnady diýdi.