Eýranyň we Saud Arabystanynyň daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i21682-eýranyň_we_saud_arabystanynyň_daşary_işler_ministrleriniň_telefon_arkaly_söhbetdeşligi
Eýranyň we Saud Arabystanyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň täzeden başlamagynyň soňky ýagdaýy barada pikir alyşdylar.
(last modified 2023-05-13T01:22:15+00:00 )
May 13, 2023 06:22 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň we Saud Arabystanynyň daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Eýranyň we Saud Arabystanyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň täzeden başlamagynyň soňky ýagdaýy barada pikir alyşdylar.

Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahian Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Farhan bilen geçirilen söhbetdeşlikde iki ýurduň arasyndaky ylalaşygyň, şol sanda iki ýurduň daşary işler ministrleriniň duşuşygynyň we gatnaşyklaryň täzeden başlamagy şeýle-de  iki ýurduň ilçihanalaryny we konsullyklaryny açmak üçin tehniki toparlaryň iberilmegi we ilçini tanyşdyrmak, baradaky habardan kanagatlanýandygyny aýdyp Eýran Yslam Respublikasy, Saud Arabystanyndaky syýasy we konsullyk wekilhanasynyň resmi açylmagyna zerur taýýarlyklary gördi diýip yglan etdi.

Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri hem Riýadyň Eýran Yslam Respublikasy bilen gatnaşyklaryň geljegine oňyn garaýşyny we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek we berkitmek ugrundaky tagallalaryna ünsi çekdi we ikisiniň paýtagtynda Saud Arabystanynyň we Eýranyň ilçileriniň işe başlamagy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklaryň  ösüşiniň badalga almagyny umyt etdi..