Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri: Wirtual giňişligiň giňelmegine garamazdan kitap henizem ýokary derejededir
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Tähran kitap ýarmarkasyny ýakyndan baryp görende wirtual giňişligiň giňelmegine garamazdan kitap henizem ýokary orunda durýar diýdiler.
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hameneý, üç ýyldan soňra we korona wirusy çäklendirmeleriniň soňlanmagy bilen ýekşenbe güni Ymam Homeýniniň metjidine (RA) barypTähran halkara kitap ýarmarkasyna gördiler.
Her ýyl geçirilýän kitap ýarmarkasy köpçüligiň ýygnanyşygy hemde agdyklyk edýän tarapy medeniýet bolan şowuklandyryjy wakadyr diýip Mertebesi belent ýolbaşçy beýan etdiler.
Ol hezretleri sözüniň dowamynda Käbir amatsyz şertlere garamazdan kitap neşir etmek işiniň ýüzi ösüşe tarapdyr diýdiler.
Teatr, kino, hatda surat we audio-wizual eserler ýaly ähli çeperçilik, metbugat we medeni çärelere kitap gerek, kimdir biri kitap bilen iş salyşýan gowy metbugat we sungat eserini öndürip biler diiýp Aýatolla Hameneýi Hezretleri aýtdylar.