Raisi: Betbagtlyk güni adamzat taryhynyň iň agyryly pajygasyny ýatladýar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i21726-raisi_betbagtlyk_güni_adamzat_taryhynyň_iň_agyryly_pajygasyny_ýatladýar
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Betbagtlyk güni mynasybetli eden ýüzlenmesinde Betbagtlyk güni adamzat taryhynyň iň agyryly pajygasyny ýatladýar diýip nygtady.
(last modified 2023-05-17T00:39:56+00:00 )
May 17, 2023 05:39 Asia/Ashgabat
  • Raisi: Betbagtlyk güni adamzat taryhynyň iň agyryly pajygasyny ýatladýar

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Betbagtlyk güni mynasybetli eden ýüzlenmesinde Betbagtlyk güni adamzat taryhynyň iň agyryly pajygasyny ýatladýar diýip nygtady.

75 ýyl ozal 1948-nji ýylyň 15-nji maýynda sionist jenaýat toparlary we guramalary Palestina milletine garşy rehimsiz jenaýat edip, ýerlerini basyp aldy bu jenaýat Betbagtlyk güni diýlip tanalýandyr.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi Betbagtlyk güni mynasybetli eden ýüzlenmesinde şeýle diýýär: Sionist režimi, dogry bellenen günden bäri millionlarça palestinalynyň göçürilmegine, palestinaly aktiwistleriň we ýönekeý adamlaryň öldürilmegine, öýleriniň, ekinleriniň we iş ýerleriniň weýran bolmagyna we halkara hukugynyň esasy ýörelgeleriniň şowsuzlygyna sebäp boldy".