Farzin: Bloklanan çeşmeleriň çykmagy barada gowy habarlar gelýär
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i21728-farzin_bloklanan_çeşmeleriň_çykmagy_barada_gowy_habarlar_gelýär
Eýranyň Merkezi Bankynyň başlygy Bloklanan çeşmeleriň boşadylmagy barada gowy habarlar gelýär diýdi.
(last modified 2023-05-17T03:33:35+00:00 )
May 17, 2023 08:33 Asia/Ashgabat

Eýranyň Merkezi Bankynyň başlygy Bloklanan çeşmeleriň boşadylmagy barada gowy habarlar gelýär diýdi.

13-nji hökümetiň yzarlamaklary bilen, Amerikanyň dürli ýurtlardaky päsgelçilikleri bilen petiklenen Eýranyň walýuta çeşmeleriniň ep-esli bölegi şu wagta çenli boşadyldy.

ABŞ hökümeti, şeýle hem Eýranyň walýuta çeşmelerine girmeginiň öňüni almak üçin dürli sanksiýalary girizendir ýöne Ak tamyň päsgelçilikleri Eýranyň giň diplomatik çäreleri bilen üstünlikli bolan däldir.

EýranPress habar gullugynyň habaryna görä, Merkezi bankyň başlygy "Muhammet Reza Farzin" şu gün (çarşenbe) hökümet geňeşiniň mejlisiniň çäginde şeýle diýdi: "Geljekde Eýranyň petiklenen çeşmelerini boşatmak meselesinde gowy habar bar we ol wagtynda yglan ediler diýdi.