Gazagystanda Eýranyň Gülüstan welaýatynyň ykdysady aktiwistleri
Eýranyň demirgazygyndaky Gülüstan welaýatynyň pudak ýolbaşçylary bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge we Gazagystan bilen ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.
“EýranPress” habar gullugynyň habaryna görä, Gülüstan welaýatynda azyk we gurluşyk önümleri pudagyndaky hususy pudak kompaniýalarynyň on iki ýolbaşçysyndan ybarat delegasiýa Gazagystanyň Almaty şäherine gidip öz mümkinçiliklerini tanadmak bilen , Almaty häkimliginiň maýa goýumlarynyň wise-prezidenti "Uržan Dasim Bekow" bilen söhbetdeş boldylar.
Eýran Yslam Respublikasynyň Almatydaky konsuly Milad Haýrandişiň hem gatnaşan bu ýygnagynda iki ýurduň wekilleri ilki bilen film görkezmek bilen öz ýurtlarynda maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrdylar.
Almaty häkimliginiň maýa goýumlarynyň wise-prezidenti, Gazagystanyň daşary ýurt maýa goýumlary baradaky täze meýilnamalaryny düşündirmek bilen Eýran bilen Gazagystanyň arasyndaky bilelikdäki taslamalara taýýardygyny mälim etdi.
Eýranyň Almatydaky konsuly, Eýranyň we Gazagystanyň iki ýurdunyň prezidentleriniň arasynda geçirilen köp sanly duşuşyga we gatnaşyklaryň derejesini ýokarlandyrmak we ykdysady alyş-çalyş mukdaryny üç milliard dollara çenli ýokarlandyrmak kararyna ünsi çekip, iki ýurduň taryhy we medeni umumylyklaryna yşarat etdi we Eýranyň ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ykdysady mümkinçiliklerini ýatlatdy.
Golestan welaýatynyň Gazagystana ykdysady wekiliýetiniň başlygy Ehsan Malek Şahkoui EýranPress habar gullugyna beren interwýusynda: Gülüstan welaýatynyň Gazagystan bilen aýratyn hyzmatdaşlygy bar we bu welaýatda ýedi müňe golaý gazak ýaşaýar, bu hyzmatdaşlyk üçin örän oňat esas bolup durýar diýdi.