Ynkylapyň ýokary derejeli lideriniň,Hajyň syýasy ähmiýeti baradaky beýanaty
Eýranyň Yslam Ynkylapyň ýokary derejeli lideri Aýatolla Hameneýi şu heptäň çarşenbe güni irden (17-nji maýda) Baýtulla Al-Haramyň zyýaratçylary bilen şeýle-de nu dini parzyň resmileri bilen geçiren duşuşygynda Hajyň käbir syýasy ähmiýeti hakda açyklamalary berdiler.
Haj, dini wezipelerden başga-da möhüm syýasy wezipelere eýe bolan yslam borçlaryndan biridir. Ynkylapyň ýokary Derejeli lideri, Hajyň dini tarapdan başga-da syýasy wezipelerini hemişe nygtaýarlar. Rewolýusiýanyň ýokary lideriniň şu günki çykyşynda Hajyň syýasy işiniň birnäçe tarapy nygtaldy.
Birinji tarapy, haj borjunyň yslam halklaryny has ýakynlaşdyrmagydyr. Günbatar güýçleriniň we esasanam Amerikanyň Yslam dünýäsine garşy möhüm strategiýalarynyň biri yslam ýurtlarynyň arasynda düşünişmezlik döretmekdir. Haj möwsüminde dürli ýurtlardan adamlar Saud Arabystanyna gelensoň, yslam ýurtlarynyň arasynda gepleşik geçirmek we birek-biregiň pikirlerini üýtgetmek we Günbatar ýurtlarynyň strategiýasyny zyýansyzlandyrmak üçin mümkinçilik döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, Ynkylabyň ýokary Derejeli lideri: "Haj global we siwilizasiýa meselesidir, onuň maksady Yslam ymmatyny wagyz etmek, musulmanlaryň ýüregini ýakynlaşdyrmak we yslam ymmatyny sütemlere, ulumsylyga garşy goýamk diýdiler.
Lideriň çykyşynda nygtalýan Hajyň syýasy işiniň ikinji ölçegi, yslamyň adam hukuklaryna progressiw garaýşyny subut etmekdir. Bir tarapdan, Günbatar ýurtlary adam hukuklary kadalarynyň ileri tutulýandygyny öňe sürýärler, beýleki tarapdan beýleki ýurtlary, esasanam yslam ýurtlaryny adam hukuklaryny bozmakda aýyplaýarlar. Şoňa görä-de,Günbatarly taraplar Ýendäki adam hukuklarynyň bozulmagyna kömek edýärler, welin Ukrainadaky adam hukuklarynyň bozulmagy baradaky aşa aladalaryny ulaltýarlar.
Haj möwsümi, bu talaplara garşy çykýan we adam mertebesi reňkine, jynsyna, synpyna we geografiýasyna garamazdan görkezýän ýygnakdyr. Şunuň bilen baglylykda, Rewolýusiýanyň lideri, haj borçlarynyň esasy nokatlarynyň arasynda Yslamyň geografiki, jyns, synp we beýleki tapawutlara garşy çykyşlarynyň amaly görnüşi diýip atlandyrdylar
Hajyň syýasy işiniň üçünji möhüm tarapy, Palestina goldaw bermekdir. Ynkylapyň lideri, yslam ymmatynyň jebisligini we haj borjunyň maksatlarynyň arasynda tekepbir şeýtanlara garşy durmagy göz öňünde tutup"Hajyň dünýädäki köp peýdalaryndan biri, bu ägirt uly jemgyýetdäki musulmanlaryň, Sionist režime we ulumsy güýçleriň täsiriniň öňünde, bardygyny görkezmekdir diýip beýan etdiler.