Raisi: Makran dürli ugurlarda maýa goýmak üçin ýokary kuwwata eýedir
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Makran kenarlaryny deňiz, syýahatçylyk, nebit, gaz we nebithimiýa pudaklarynda maýa goýmak üçin örän ýokary mümkinçiliklere eýe hasaplady.
Prezidentiň maglumat bazasynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi penşenbe güni agşam "Makranyň ösüşiniň we abadançylygynyň ykdysady we jemgyýetçilik aktiwistleri" bilen duşuşygynda dürli bölümleriň sebitiň ösüşi üçin alyp barýan işlerine ýokary baha berdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti şeýle-de Samarkandda geçirilen Şanhaý sammitinde daşary ýurtly resmiler bilen geçiren duşuşyklarynyň çäginde Pakistanyň premýer-ministri bilen bolan duşuşygynda Makran barada gürrüň bolandygyny aýtdy.
Makran sebitinde maýa goýumlarynyň yza süýşürilmeginiň sebäpleriniň derňelmegine ünsi çekip, Raisi: Käbir ýerlerde iş dogry dowam etdi we banklar gowy maýa goýumlaryny goýdy, ýöne käbir ýerlerde ýer bölünişigine garamazdan entek çynlakaý çäre görülmedi we zerur çäreleri gysga wagtda başlamaly we tamamlamaly diýdi.