Içeri işler ministri: Eýran bilen Owganystanyň arasyndaky suw meselesi düşünişmek bilen çözülmeli
Eýran Yslam Respublikasynyň Içeri işler ministri Eýran bilen Owganystanyň arasyndaky suw meselesiniň düşünişmek arkaly çözülmelidigini aýtdy.
1972-nji ýylda şol döwürde Eýranyň we Owganystanyň häkimiýetleri tarapyndan gol çekilen Hirmand şertnamasyna görä, Eýranyň Hirmand derýasynyň suwunyň paýy ýylda 820 million kub metre we sekuntda 26 kub metre deňdir, bu, elbetde, dürli aýlarda we pasyllarda üýtgeýär. Indi, Eýranyň hökümeti we halky owgan talybanlarynyň bu meselede öz borçnamalaryna we wadalaryna ygrarly bolmagyna we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäginde goňşusynyň öňünde jogapkärçiliksiz partiýa hökmünde görkezilmezligine garaşýarlar.
Owgan Talyban hökümetiniň başlygy hem beýannama çap etmek bilen: "Talyban" Hirmand suw şertnamasyny ýatda saklap, wada berlen suwuň Eýranyň halkyna ýetmegini üpjün etmek üçin elinden gelenini etjekdigini ýene bir gezek wada berdi.
Eýranyň içeri işler ministri Ahmad Wahidi; IRNA bilen söhbetdeşlikde Eýran bilen Owganystanyň arasyndaky suw meselesi düşünişmek bilen çözülmeli we Talyban Eýran resmilerine Kamal Han bendine baryp görmäge rugsat bermeli diýdi.