General-maýor Bageri: Goşunyň ummanlardaky missiýasy dowam eder
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i21792-general_maýor_bageri_goşunyň_ummanlardaky_missiýasy_dowam_eder
Eýran Yslam Respublikasynyň Ýaragly Güýçleriniň Baş ştabynyň başlygy, Harby-deňiz flotunyň 86-njy flotunyň Eýran halkyny buýsandyrýandygyny belläp, şeýle diýdi: Deňiz güýçleriniň batyr serkerdeleri we söweşijileri gorkman ýüzjekdirler diýdi.
(last modified 2023-05-21T06:31:29+00:00 )
May 21, 2023 11:31 Asia/Ashgabat

Eýran Yslam Respublikasynyň Ýaragly Güýçleriniň Baş ştabynyň başlygy, Harby-deňiz flotunyň 86-njy flotunyň Eýran halkyny buýsandyrýandygyny belläp, şeýle diýdi: Deňiz güýçleriniň batyr serkerdeleri we söweşijileri gorkman ýüzjekdirler diýdi.

Ýer şarynyň daşynda 65 müň kilometr ýüzüp, Hindi, Aram we Atlantik ummanlaryndan geçensoň, Harby deňiz flotunyň 86-njy floty ýurduň territorial suwlaryna girdi we Pars aýlagynyň suwundaky Bandar Abbasyň suwunda goşunyň howa güýçleriniň söweşijileri we köp sanly Eýran gämisi tarapyndan garşylandy.

EýranPress habarlar gullugynyň habaryna görä, Ýaragly güýçleriň Baş ştabynyň başlygy general-maýor Pasdar Muhammet Bageri şu gün (ýekşenbe) goşun flotuny resmi taýdan garşylamak dabarasynda bu flotuň uly iş bitirendigini aýtmak bilen dürli wakalar güýç we abraý ýolundan ýöräp, ýurdy buýsandyrmakdan başga ýolunyň ýokdugyny görkezdi we bu kanuny güýç her bir söweşijä millet tarapyndan berildi diýdi.

Ýaragly güýçleriň Baş ştabynyň başlygy deňiz häkimliginiň ýolunyň ýurduň kuwwatynyň iň möhüm faktorydygyny aýtmak bilen uly deňiz güýji bolmak üçin hiç zat ýetmezçilik edýär we munuň üçin güýçli içerki pudaklarymyz bar diýip beýan etdi.

General Bageri şeýle-de harby deňiz güýçleriniň bu taryhy misiýani ýerine ýetirmekde görlüp-eşidilmedik hereketi adatdan daşary we taryhy çäredir diýdi.