Eýranyň Daşary işler ministrliginiň ýediler toparyň ýolbaşçylarynyň beýanatynda esassyz aýyplamalara reaksiýasy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i21800-eýranyň_daşary_işler_ministrliginiň_ýediler_toparyň_ýolbaşçylarynyň_beýanatynda_esassyz_aýyplamalara_reaksiýasy
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary, G7 sammitiniň soňky beýannamasynyň Eýran Yslam Respublikasyna garşy esassyz we galp aýyplamalaryny berk ýazgardy.
(last modified 2023-05-22T06:06:45+00:00 )
May 22, 2023 11:06 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Daşary işler ministrliginiň ýediler toparyň ýolbaşçylarynyň beýanatynda esassyz aýyplamalara reaksiýasy

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary, G7 sammitiniň soňky beýannamasynyň Eýran Yslam Respublikasyna garşy esassyz we galp aýyplamalaryny berk ýazgardy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Naser Kanani Chafi, Eýranyň parahatçylykly ýadro programmasy baradaky esassyz aýyplamalary ret edip Eýranyň ýadro maksatnamasynyň diňe parahatçylykly maksatlary bar we Yslam respublikasynyň goranyş doktrinasynda ýadro ýaraglary ýok diýip yglan etdi.

Kanani Çafi, Ýediler toparyň ýolbaşçylarynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2231-nji kararynyň ýerine ýetirilmegini goldamak baradaky çagyryşyny gaty geň we bu ýurtlaryň gapma-garşy syýasatlarynyň alamaty hasaplady, sebäbi ýokarda agzalan karary esasy bozýanlar we Eýran milletine garşy agyr gadaganlyklary ýöridip duranlar şularyň özleridir diiýp nygtady.