Erşadi: Birtaraplaýyn sanksiýalar azyk howpsuzlygyna agyr täsir edýär
Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekiliniň orunbasary Halkara jemgyýetçiligi garaşsyz ýurtlara garşy birtaraplaýyn sanksiýalary ýatyrmak bilen haýal etmän ýa-da çäklendirmesiz möhüm kömegi kepillendirmelidir diýdi.
Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekiliniň orunbasary "Zahra Erşadi" sişenbe güni bu halkara guramanyň Howpsuzlyk Geňeşiniň "ýaragly çaknyşyklarda parahat ilata goldaw bermek, azyk howpsuzlygy we asuda ilat üçin esasy hyzmatlary goramak" mejlisinde eden çykyşynda Halkara ynsanperwerlik kanunlaryna laýyklykda, konfliktiň ähli taraplary parahat ilatyň azyk we lukmançylyk kömegi ýaly möhüm harytlara we hyzmatlara elýeterliligini üpjün etmelidirler diiýp nygtady.
Günbatar Aziýa sebitinde terrorçylyk, basyp alyşlyk, bikanun birtaraplaýyn hereketler we bikanun daşary ýurt güýçleriniň bolmagy infrastrukturany ýok etmegi we parahat ilaty öldürmegi dowam etdirýär diýip Erşadi sözüne goşdy.