Erşadi: Birtaraplaýyn sanksiýalar azyk howpsuzlygyna agyr täsir edýär
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i21838-erşadi_birtaraplaýyn_sanksiýalar_azyk_howpsuzlygyna_agyr_täsir_edýär
Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekiliniň orunbasary ​​Halkara jemgyýetçiligi garaşsyz ýurtlara garşy birtaraplaýyn sanksiýalary ýatyrmak bilen haýal etmän ýa-da çäklendirmesiz möhüm kömegi kepillendirmelidir diýdi.
(last modified 2023-05-23T23:56:37+00:00 )
May 24, 2023 04:56 Asia/Ashgabat
  • Erşadi: Birtaraplaýyn sanksiýalar azyk howpsuzlygyna agyr täsir edýär

Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekiliniň orunbasary ​​Halkara jemgyýetçiligi garaşsyz ýurtlara garşy birtaraplaýyn sanksiýalary ýatyrmak bilen haýal etmän ýa-da çäklendirmesiz möhüm kömegi kepillendirmelidir diýdi.

Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekiliniň orunbasary "Zahra Erşadi" sişenbe güni bu halkara guramanyň Howpsuzlyk Geňeşiniň "ýaragly çaknyşyklarda parahat ilata goldaw bermek, azyk howpsuzlygy we asuda ilat üçin esasy hyzmatlary goramak" mejlisinde eden çykyşynda Halkara ynsanperwerlik kanunlaryna laýyklykda, konfliktiň ähli taraplary parahat ilatyň azyk we lukmançylyk kömegi ýaly möhüm harytlara we hyzmatlara elýeterliligini üpjün etmelidirler diiýp nygtady.

Günbatar Aziýa sebitinde terrorçylyk, basyp alyşlyk, bikanun birtaraplaýyn hereketler we bikanun daşary ýurt güýçleriniň bolmagy infrastrukturany ýok etmegi we parahat ilaty öldürmegi dowam etdirýär diýip Erşadi sözüne goşdy.