Amir Abdollahian: Hirmand derýasynyň suw haky meselesini syýasy beýannama arkaly çözüp bolmaz
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Owgan häkimiýetlerine Hirmand derýasynyň suw haky meselesiniň syýasy beýannama arkaly çözülip bilinmejekdigini we bu meseläniň kanuny taýdan alnyp barylmalydygyny aýtdyk diýdi.
1972-nji ýylda Eýranyň we Owganystanyň şol wagtky häkimiýetleri tarapyndan gol çekilen Hirmand şertnamasyna görä, Eýranyň Hirmand derýasynyň suwyndaky paýy ýylda 820 million kub metre we sekuntda 26 kub metre deňdir, bu, elbetde dürli aýlar we pasyllarda üýtgeýär.
Ýaş žurnalistler klubynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri "Huseýin Amir Abdollahian" şu gün (penşenbe) eden çykyşnda Eýranyň Hirmand derýasynyň suw paýy meselesi bilen baglanyşykly, Owgan häkimiýetleri bilen pikir alyşdyk we 1972-nji ýyldaky şertnama laýyklykda bu ugurda kanuny ýol göz öňünde tutulmalydygyna ynanýarys diýip yglan etdik diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministri, Eýranyň we Owganystanyň goňşuydygyna we iki ýurduň arasynda uzak araçäkleriň bardygyny aýtmak bilen iki ýurduň arasynda oňýn gatnaşykdan başga ýol ýokdyr diýdi.
Amir Abdollahian şeýle-de Owganystanda parahatçylygy we howpsuzlygy gazanmak prosesine kömek etmek isleýäris we Owganystanyň häzirki hökümdarlaryndan hem garşylykly şeýle ugury ileri tutmagyna garaşýarys diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministri Owganystanyň häzirki dolandyryjy guramasyny ykrar etmeýändigini aýtdy we Owganystanda hemmetaraplaýyn hökümet gurmagyň zerurdygyny aýtmak bilen "Talyban Owganystanyň hakykatynyň bir bölegidir we Owganystanyň hemmesi däldir" -diýdi.