Prezident Raisi bilen OPEK-iň Baş sekretarynyň duşuşygy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i21880-prezident_raisi_bilen_opek_iň_baş_sekretarynyň_duşuşygy
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Nebit eksport edýän ýurtlar guramasynyň (OPEK) Baş sekretary bilen bolan duşuşygynda OPEK-iň agzalary günbatarlylaryň agzalalyklarynyň öňüni almak üçin birleşmelidirler diýdi.
(last modified 2023-05-27T10:53:37+00:00 )
May 27, 2023 15:53 Asia/Ashgabat
  • Prezident Raisi bilen OPEK-iň Baş sekretarynyň duşuşygy

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Nebit eksport edýän ýurtlar guramasynyň (OPEK) Baş sekretary bilen bolan duşuşygynda OPEK-iň agzalary günbatarlylaryň agzalalyklarynyň öňüni almak üçin birleşmelidirler diýdi.

Şu gün (şenbe), OPEK-iň Baş sekretary bilen geçirilen ýygnakda Prezident Seýid Ebrahim Raisi Käbir Günbatar ýurtlary OPEK-e agza ýurtlaryň arasynda bölünişik we tapawut döretmek isleýärler, OPEK-iň agzalary bu maksatlaryň durmuşa geçirilmeginiň öňüni almak üçin birleşmelidirler diýdi.

EýranPress habar gullugynyň habaryna görä, OPEK-iň Baş sekretary Haýtam Al-Ghis bilen bolan duşuşygynda Raisi bu guramanyň agzalarynyň biri-biri bilen konstruktiw gatnaşygyny bu halkara guramanyň üstünlik gazanmagynda möhüm faktor hasaplamak bilen Eýran Yslam Respublikasy bu gurama bilen hemişe konstruktiw hyzmatdaşlygy dowam etdirýärdi we Eýranyň maksady bu derejäni dowam etdirmek we gowulaşdyrmak we bu hyzmatdaşlygy güýçlendirmek diýdi.

Bu duşuşykda OPEK-iň Baş sekretary Haýtam Al-Ghis, Eýran Yslam Respublikasynyň, OPEK-iň esaslandyryjy agzalarynyň biri hökmünde bu gurama we onuň agzalary bilen hemişe peýdaly, täsirli we konstruktiw hyzmatdaşlygyň bardygyny aýtmak bilen Eýran, OPEK-e agzalarynyň agzybirligini we jebisligini güýçlendirmek ugrunda elmydama hereket etdi diýdi.

OPEK-iň Baş sekretary nebit bazaryndaky soňky ýagdaýy açyklamak bilen OPEK agzalarynyň arasynda pikirleriň bitewiligi we Eýran Yslam Respublikasynyň konstruktiw goldawyndan we hyzmatdaşlygyndan peýdalanyp, bazara parahatçylyk getirip bileris diýip sözlerine goşdy.