Raisiň prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň ýeňşinden soň gutlag haty
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi, Rejep Taýyp Ärdogany Türkiýäniň prezident saýlawynda gaýtadan ýeňiş gazanmagy bilen gutlaýan ýüzlenmesinde, ony türk halkynyň dowamly ynamynyň alamaty hasaplady.
EýranPress habar gullugynyň habaryna görä Seýid Ebrahim Raisi, Rejep Taýyp Erdoganyň Türkiýäniň prezident saýlawynda gaýtadan ýeňiş gazanmagyny gutlaýan hatynda geljek döwürde Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň güýçli taryhy, medeni, dini gatnaşyklar, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak we iki ýurduň umumy bähbitleri esasynda has-da berkidiljekdigine ynam bildirmek bilen sebitdäki we yslam dünýäsindäki wakalar iki ýurduň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlygy, Parahatçylygy we durnuklylygy berkitmekde we sebitiň ösüşi üçin has amatly şertleri üpjün eder diýip beýan etdi.
Türkiýäniň prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň geçirilmegine halkara reaksiýalarynyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary "Antonio Guterres" bir beýannama boýunça Rejep Taýyp Ärdogany Türkiýäniň prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen gutlap, Birleşen Milletler Guramasy bilen Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirmek isleýändigini aýtdy.
Türkiýede geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda ýeňşini resmi yglan edeninden soň, Rejep Taýyp Ärdogan geljek bäş ýylda ýurdy dolandyrmak jogapkärçiligini özüne tabşyran her bir türk halkyna minnetdarlyk bildirmek bilen Türkiýäniň 85 million ilatyny saýlawda ýeňiji diýip yglan etdi.
Türkiýäniň Ýokary saýlaw geňeşiniň başlygy Ahmet Ýener, duşenbe güni irden prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda Ärdoganyň ýeňşini tassyklady.
Türkiýede saýlawlaryň geçirilmegine we sesleriň sanalmagyna jogapkär Türkiýäniň Ýokary Saýlaw Geňeşiniň yglan etmegine görä, Ärdogan 52,14%, Kilicdaroglu 47,86% ses aldy.