Raisi: Eýran Yslam Respublikasynyň syýasaty sebitde durnuklylygy döretmekden ybarat
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi Eýranyň sebitdäki syýasaty parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy döretmek we berkitmekdir diýdi.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimohamedow sişenbe güni Tährana syýasy we ykdysady wekiliýetiň başynda geldi.
Gurbanguly Berdimohamedowyň Tährana eden sapary wagtynda Eýranyň we Türkmenistanyň ýokary wezipeli adamlary Eýranyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň başlygynyň gatnaşmagynda iki hyzmatdaşlyk resminamasyna we dürli ugurlarda üç düşünişmek memorandumyna gol çekdiler.
Seýid Ebrahim Raiisi, Türkmenistanyň milli lideriň we Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimohamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna eden sapary wagtynda, sişenbe güni öýleden soň iki ýurduň ýokary derejeli wekiliýetleriniň bilelikdäki ýygnagynda adam hukuklaryny goldaýandygyny öňe sürýän günbatarlylaryň toslamalarynyň tersine adam hukuklaryny çynlakaý we hakyky gözleýändigimizi mälim etmek bilen Eýranyň sebitdäki syýasaty parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy döretmek we berkitmekdir diýdi.
Raisi iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň çuňňur siwilizasiýa we medeni umumylyklara esaslanýandygyny aýtmak bilen Tähran bilen Aşgabatyň arasyndaky soňky iki ýylda, Eýran Yslam Respublikasynyň hökümetiniň islegi goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagy esasynda ep-esli ösüş gazanandyr diýdi.
Raisi iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmeginde hiç hili päsgelçiligiň ýokdugyny aýdyp, iki ýurduň energiýa, transport, üstaşyr we gümrük işleri, oba hojalygy we ylym we tehnologiýa pudaklarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin mümkinçilikleri bardyr diýip beýan etdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti suw ýetmezçiligi meselesini sebit ýurtlarynyň umumy problemasy hökmünde görkezip, şeýle diýdi: Sebitdäki ýurtlar, Dostluk bendiniň gurluşygy bilen umumy suw meselesini dolandyrmak üçin Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky göreldeli hyzmatdaşlyga meňzeş bu ugurda konstruktiw hyzmatdaşlyga we özara gatnaşyklara eýe bolan bolsalar, bu ugurdaky meseleler azalardy.
Raisi sözüniň dowamynda sebitdäki kynçylyklaryň möhüm böleginiň, şol sanda dürli meselelerde çynlakaý hyzmatdaşlygyň bolmazlygynyň daşary ýurtlularyň huzurly bolmagy bilen baglanyşyklydygyna berk ynanýarys, we sebitde daşary ýurtlularyň bolmagy diňe bir howpsuzlyk we parahatçylyk dörediji bolman, eýsem howpsuzlygy we parahatçylygy bozýandygyna ynanýarys diýdi.
Şeýle hem Raisi, Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda özara ykdysady we söwda sergilerini geçirmek prosesini dikeltmek baradaky Türkmenistanyň milli lideriň we Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimohamedowyň teklibini garşy almak bilen şeýle sergileri geçirmek, iki ýurduň ykdysady gatnaşyjylarynyň özara ukyplaryny ykrar etmäge hökman kömek eder diýdi.
Türkmenistanyň milli lideri we Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy iki dost we goňşy ýurt hökmünde Eýran we Türkmenistan hemişe çuňňur gatnaşyklaryny berkitmäge çalyşýarlar we Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasynyň sebitde parahatçylygy we durnuklylygy ýola goýmak syýasatlaryny goldaýar diýdi.
"Gurbanguly Berdimohamedow" energiýa, demir ýol we ýol transporty, üstaşyr we gümrük işleri, elektrik alyş-çalşygy we söwda, ykdysady we senagat hyzmatdaşlygy, lukmançylyk we saglygy goraýyş hyzmatdaşlygy we iki ýurduň arasynda suw we oba hojalygyndaky hyzmatdaşlygy Eýran Yslam Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin öz ýurdunyň iň möhüm mümkinçiliklerinden we bähbitlerinden biri hökmünde belläp geçmek bilen Dostluk bendiniň gurluşygynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk sebitleýin hyzmatdaşlykda görelde bolar diýip beýan etdi.