Jun 04, 2023 17:15 Asia/Ashgabat
  • Garaşsyzlygy, abraýy we milli bähbitleri goramak imany we umydy goramaga baglydyr diýip Yslam rewolýusiýasynyň ýokary Derejeli lideriniň beýan etmekleri

Hezretleri Aýatolla Hameneýi,Garaşsyzlygyň, abraýyň we milli bähbitleriň goralmagy imanyň we umydyň saklanmagyna baglydyr diýip nygtadylar.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary Derejeli ýolbaşçysy Hezretleri Aýatolla Hameneýi,Garaşsyzlygyň, abraýyň we milli bähbitleriň goralmagy imanyň we umydyň saklanmagyna baglydyr diýip nygtadylar.

Aýatolla Hameneýi, şu gün (ýekşenbe) Hezretleri Ymam Homeýni (RA)-yň panydan baka göçmeginiň 34 ýyllygy mynasybetli ajaýyp, beýik we joşgunly ýygnanyşykda baky dünýä göçen Ymamyň Eýranyň taryhynyň liderlerinden biridigini ýatlap,hiç bir hereketiň Ymamy  Taryhdan aýryp bilmez diýdiler.

  Yslam rewolýusiýasynyň ýokary Derejeli ýolbaşçysynyň edarasynyň maglumatmerkeziniň beren habaryna görä, Hezretleri Aýatolla Hameneýi ,Ymamyň, Eýrana,Yslam ymmatyna we dünýä getiren 3 sany uly özgerişligine yşarat edip, Ymamyň"imany" we "umydy" bu ägirt uly taryhy ösüşleriň sebäbi boldy diýdiler.   Yslam rewolýusiýasynyň ýokary Derejeli ýolbaşçysy Hezretleri Aýatolla Hameneýi şeýle-de Eýrana we onuň milli bähbitlerine, ykdysady ýagdaýyň gowulaşmagyna, ýurduň ösüşine we milli abraýna gyzyklanýan her bir hereketiň we tarapyň halkyň we jemgyýetiň "imanyny" we "umydyny" güýçlendirmegiň ugurynda çemeleşmeli diýip beýan etdiler.

Ol Hezretleri, Palestina meselesini Yslam dünýäsiniň ilkinji meselesi atlandyryp,Ymam ,Palestina halkynyň ruhdan düşen bedenine jan berdi, indi Bütindünýä Kuds güni diňe eýranda däl,eýsem glubal derejede ezilen palestinalylara goldaw bermegiň sahnasyna öwrüldi diýip sözlerine goşdylar.