Galibafyň Türkiýe mejlisiniň täze başlygyna gutlag haty
Eýranyň Yslam şura mejlisiniň başlygy bir sargyt boýunça Türk Mejlisiniň täze başlygynyň saýlanmagyny gutlady.
Türk mejlisiniň agzalary düýn, 2023-nji ýylyň 7-nji iýunynda bu edaranyň 30-njy prezidentini saýlamak üçin geçirilen ýygnakda ses berdiler.
Adalat we ösüş partiýasyndaky Stambul halkynyň wekili Noman Kurtolmoş, 584 wekiliň gatnaşmagynda geçirilen bu ses berişligiň üçünji tapgyrynda sesleriň aglaba köplügi bilen Türk Mejlisiniň täze başlygy wezipesine saýlandy.
Eýranyň mejlis başlygy "Muhammet Bager Galibaf" öz ýüzlenmesinde "Noman Kurtolmuşyň" Türk Mejlisiniň täze başlygy wezipesine saýlanmagyny gutlady.
IRNA-nyň habaryna görä, Galibaf öz hatynda iki ýurduň arasyndaky çuňňur doganlyk gatnaşyklaryny we Eýranyň Yslam şura mejlisiniň ýakyn parlament hyzmatdaşlygyny ösdürmek we giňeltmek islegine ünsi çekmek bilen Türk mejlisiniň täze başlygynyň işlän döwründe iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň barha giňejekdigine umyt bildirdi.