Raisi: Roketa önümlerini öndürýän ýaragly güýçlere buýsanýarys
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti şu gün eden cykyşynda raketa önümini öndürýän we dünýäni haýran galdyrýan ýaragly güýçlere buýsanýarys diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi şu gün (penşenbe) Gündogar Azarbaýjan welaýatynda 220 önümçilik bölüminiň gaýtadan dikeldilmegine bagyşlanan baýramçylyga gatnaşdy.
13-nji hökümetiň Gündogar Azerbaýjana ikinji saparynyň başynda, prezident Raisi Çermşahr senagat şäherine baryp bu şäheriň önümçilik bölümleriniň birine baryp göreninde, alyp barýan işleri bilen ýakyndan tanyşdy.
Eýran Press habar gullugynyň habaryna görä, prezident Raisi bu dabarada raketa ýasamak buýsançdyr we şu gün raketa önümini öndürýän we dünýäni haýran galdyrýan ýaragly güýçlere buýsanýarys diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti şeýle-de hökümet we mejlis özlerini öndürijileri goldamaga borçly hasaplaýarlar we maliýe goldawyny hem-de kazyýet goldawyny aljakdygyňyzy bilmelisiňiz diýdi.
Raisi şeýle hem duşman ýurtda önümçilik we iş tapmagymyzy islemeýär, ýöne olar boýun bolmak üçin işsizligimiziň we girdejimiziň ýoklugyny isleýär diýdi.