Prezidentiň sanksiýalary ýatyrmak baradaky gepleşiklerde konstruktiw däl hereketlerden gaça durmagy baradaky duýduryşy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i22032-prezidentiň_sanksiýalary_ýatyrmak_baradaky_gepleşiklerde_konstruktiw_däl_hereketlerden_gaça_durmagy_baradaky_duýduryşy
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Fransiýanyň Prezidentiniň telefon jaňyna jogap edip, sanksiýalary ýatyrmak üçin gepleşiklerde haýsydyr bir syýasy we konstruktiw däl hereketlerden gaça durmalydygyny aýtdy.
(last modified 2023-06-10T13:35:07+00:00 )
Jun 10, 2023 18:35 Asia/Ashgabat
  • Prezidentiň sanksiýalary ýatyrmak baradaky gepleşiklerde konstruktiw däl hereketlerden gaça durmagy baradaky duýduryşy

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Fransiýanyň Prezidentiniň telefon jaňyna jogap edip, sanksiýalary ýatyrmak üçin gepleşiklerde haýsydyr bir syýasy we konstruktiw däl hereketlerden gaça durmalydygyny aýtdy.

Fransiýa Respublikasynyň prezidenti "Emmanuel Makron" şu gün (şenbe) Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Prezident Raisi bu telefon söhbetdeşliginde Eýran bilen Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy we bu guramanyň Eýranyň kanuny borçlaryny ýerine ýetirýändigi baradaky tassyklamalaryny agzamak bilen sanksiýalary ýatyrmak üçin gepleşiklerde haýsydyr bir syýasylaşdyrma we konstruktiw däl hereketlerden gaça durmagy nygtady.

IRNA-nyň habaryna görä, bu telefon söhbetdeşliginde iki ýurduň prezidentleri ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň ýollaryny öwrenmekden başga-da sebitleýin ösüşleri we sanksiýalary ýatyrmak baradaky gepleşikleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Raisi şeýle-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşi barada agzap käbir Ýewropa hökümetleriniň Eýran halky baradaky ýalňyş hasaplamalaryna salgylandy we ony bu hökümetleriň terrorist, separatist we oppozisiýa toparlaryndan ýalan maglumatlaryň duzagyna düşmeginiň netijesi hökmünde garady we içerki işlere goşulmazlygyň we milli özygtyýarlylyk ýörelgesine hormat goýmagyň möhümdigini aýtdy.

Ukrainadaky uruş meselesi iki prezidentiň sebitara meseleler boýunça gepleşikleriniň bir bölegi bolupdy we Yslam respublikasynyň urşa garşy berk syýasatyny yglan edende, prezident Raisi diplomatiýany iň oňat çözgüt hasaplady.

Bu telefon söhbetdeşliginde Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron Fransiýanyň Eýran Yslam Respublikasy bilen özara gatnaşyk gözleýändigini aýtdy we ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin iki ýurduň resmileriniň arasynda gepleşikleriň dowam etdirilmegini isledi.