Raisi: Eýran bilen Latyn Amerikasyndaky garaşsyz ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyk strategikidir
Wenesuela gitmezden ozal Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Eýran bilen bu sebitiň garaşsyz ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary strategiki diýip häsiýetlendirdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi şu gün (duşenbe) dostlukly ýurtlar bilen gatnaşyklaryň derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen ýokary derejeli delegasiýa ýolbaşçylyk edip Wenesuelanyň paýtagty Karakasa gitdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi bu saparyň Wenesuelanyň, Nikaragua we Kubanyň prezidentleriniň resmi çakylygy boýunça edilendigini aýtmak bilen häzirki wagtda Latyn Amerikasy sebitindäki ýurtlaryň köpüsi garaşsyz ýaşamak isleýändirler we garaşsyzlyk we agalyk ulgamyna garşylyk ruhy bu sebitdäki Eýran Yslam Respublikasy bilen gowy gatnaşygy bolan ýurtlaryň umumy meňzeşligidir diýdi.
Raisi, soňky ýyllarda Eýranyň Wenesuela, Nikaragua we Kuba bilen hemişe gowy gatnaşykda bolandygyny aýtmak bilen Wenesuela, Nikaragua we Kuba bilen dostlukly syýasy, ykdysady we söwda gatnaşyklaryndan başga-da, Eýran bu ýurtlar bilen energiýa pudagynda gowy hyzmatdaşlyga eýe boldy we soňky 2 ýylda özara senagat, oba hojalygy, ylym pudaklaryndaky gatnaşygy we tehnologiýa, lukmançylyk we bejergi hem gowy ösendigini aýtdy.