Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri: Sionist režim indi ýaramaz ýagdaýdadyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i22082-yslam_rewolýusiýasynyň_ýokary_derejeli_lideri_sionist_režim_indi_ýaramaz_ýagdaýdadyr
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri, Palestina Yslam Jihad Hereketiniň Baş sekretary we oňa ýoldaş delegasiýa bilen bolan duşuşygynda Sionist režimiň durmuşda ýawuz ýagdaýdadygyny aýtdylar.
(last modified 2023-06-15T05:06:49+00:00 )
Jun 15, 2023 10:06 Asia/Ashgabat
  • Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri: Sionist režim indi ýaramaz ýagdaýdadyr

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri, Palestina Yslam Jihad Hereketiniň Baş sekretary we oňa ýoldaş delegasiýa bilen bolan duşuşygynda Sionist režimiň durmuşda ýawuz ýagdaýdadygyny aýtdylar.

"Hezreti Aýatolla Hameneýi", düýn (çarşenbe) Palestina Yslam Jihad Hereketiniň Baş sekretary "Ziýad Al-Nakhale" we oňa hemra delegasiýa bilen duşuşygynda, Yslam jihadynyň soňky Gazadaky söweşinde ýeňşini gutlap, sionist režimiň häzirki ýagdaýyny ýetmiş ýyl ozalky bilen deňeşdirilende düýpgöter tapawutly hasapladylar we häzirki wagtda sionist duşman passiw we reaksiýa ýagdaýyndadygyna yşarat edip bu ýagdaý Palestina Yslam Jihadynyň we garşylyk toparlarynyň ýoly dogry kesgitländiklerini we bu ugurda öňe barýandyklaryny görkezýär diýip beýan etdiler.

Ýokary Lideriň edarasynyň maglumat bazasyna görä, Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysy, töwekgelçilik alynýança maksatlara we wezipelere ýetip bolmajakdygyny aýtmak bilen häzirki wagtda Taňrynyň merhemeti bilen palestinaly garşylyk toparlarynyň we Yslam jihadynyň güýji we ygtybarlylygy günsaýyn artýar we 5 günlük söweşde sionist režimiň ýeňilmegi muny tassyklaýar diýdiler.

Hezreti Aýatolla Hameneýi, Yslam Jihadynyň we beýleki palestinaly garşylyk toparlarynyň sionist režime garşy göreşmegiň açaryny tapandygyny aýtmak bilen Iordan derýasynyň günbatar kenaryndaky garşylyk toparlarynyň barha artýan güýji, sionist duşmany dyzyna getirmegiň açarydyr we bu ýol dowam etmelidir diýip sözlerine goşdylar.

Bu duşuşykda, Palestina Yslam Jihad hereketiniň Baş sekretary, Eýran Yslam Respublikasynyň palestina halkyna we alyp barýan göreşlerine yzygiderli berýän goldawyna minnetdarlyk bildirmek bilen basyp alnan Palestindäki soňky wakalar, esasanam Sionist režimiň Gazadaky 5 günlük söweşde ýeňilmegi we Iordan derýasynyň günbatar kenaryndaky ýagdaýlar we bu sebitdäki garşylyk toparlarynyň artykmaçlygy barada hasabat berip Yslam jihady Gazadaky söweşden buýsanç bilen çykdy we soňky ýeňşini we ýakyn wagtda Kuds Şerifiň azat edilmegini göreris diýip umyt edýäris diýdi.