Kubanyň prezidentiniň Raisini resmi garşy almagy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i22086-kubanyň_prezidentiniň_raisini_resmi_garşy_almagy
Kubanyň prezidenti Migel Diaz-Canel Gawanadaky Ynkylap köşgünde ýurdumyzyň prezidentini resmi taýdan garşy aldy.
(last modified 2023-06-15T13:00:09+00:00 )
Jun 15, 2023 18:00 Asia/Ashgabat
  • Kubanyň prezidentiniň Raisini resmi garşy almagy

Kubanyň prezidenti Migel Diaz-Canel Gawanadaky Ynkylap köşgünde ýurdumyzyň prezidentini resmi taýdan garşy aldy.

Eýran Press habar gullugynyň habaryna görä Kubanyň prezidenti Migel Diaz-Canel şu gün (penşenbe) ýerli wagt bilen Gawanadaky Ynkylap köşgünde "Saýed Ybraýym Raesini" resmi garşy aldy.

Bu dabarada iki ýurduň döwlet gimni ýaňlanyp, ýadygärlik suraty alnandan soň, Eýranyň we Kubanyň prezidentleri iki ýurduň ýokary derejeli wekiliýetleriniň agzalaryny biri-biri bilen tanyşdyrdylar.

Resmi garşylama dabarasyndan soň prezidentleriň şahsy gepleşikleri we iki ýurduň ýokary derejeli wekiliýetleriniň bilelikdäki ýygnagy geçiriler.

Eýranyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi penşenbe güni irden Gawana geldi we Kuba işgärleri ony bu ýurduň halkara howa menziline gelensoň garşy aldylar.