Kastro dünýäde birtaraplaýynlygyň soňlamagyny nygtady
Kubanyň öňki prezidenti dünýäde birtaraplaýynlyk döwrüniň gutarmagyny we köptaraplaýynlyga geçişini nygtady.
IRIB habar gullugynyň habaryna görä Kubanyň öňki prezidenti Raul Kastro Eýranyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi bilen bolan duşuşygynda Eýran halkynyň rewolýusiýa göreşlerini we tekepbirlige we global imperializme garşy 44 ýyllap durandygyny öwmek bilen häzirki wagtda birtaraplaýynlyk döwri gutardy we biz köptaraplaýynlyga geçýäris diýdi.
Hojjatul-Islam Seýid Ebrahim Raisi hem "Raul Kastro" bilen bolan duşuşygynda Tähran bilen Gawananyň arasyndaky syýasy gatnaşyklaryň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar başlaly bäri iň ýokary derejededigini aýtdy.
Prezidenti Raisi şeýle hem Kuba hökümetiniň we milletiniň ABŞ-nyň bu ýurda garşy adalatsyz we birtaraplaýyn sanksiýalaryna garşy sabyrlylygyny, berk durmagyny we azatlyk isleýjilik ruhuny öwmek bilen bu ýurda we Kuba halkyna garşy 6 onýyllyk adam hukuklarynyň köpçülikleýin bozulmagyny olda adam hukuklarynyň goralmagyny toslaýanlaryň tarapyndan ýazgardy.
Yslam ynkylaby ýeňiş gazanany bäri, Eýran imperializme we ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky global ulumsylyga garşy uzak taryhy bolýan Latyn Amerikasynyň sebitindäki Nikaragua, Kuba, Wenesuela we Boliwiýa ýaly käbir ýurtlar bilen gowy gatnaşyk gurupdy.