Galibaf: Çydam toplumy öňkiden daýanjakdyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i22106-galibaf_Çydam_toplumy_öňkiden_daýanjakdyr
Eýranyň Yslam şura mejlisiniň başlygy Palestina Yslam Jihad Hereketiniň Baş sekretary bilen duşuşygynda Çydam frontunyň öňküsinden has güýçlenjekdigini aýtdy.
(last modified 2026-02-01T01:27:28+00:00 )
Jun 17, 2023 12:20 Asia/Ashgabat
  • Galibaf: Çydam toplumy öňkiden daýanjakdyr

Eýranyň Yslam şura mejlisiniň başlygy Palestina Yslam Jihad Hereketiniň Baş sekretary bilen duşuşygynda Çydam frontunyň öňküsinden has güýçlenjekdigini aýtdy.

"Fars" habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Yslam şura mejlisiniň başlygy "Muhammet Bager Galibaf", Palestina Yslam Jyhad Hereketiniň Baş sekretary "Ziýad Al-Nakhale" bilen duşuşygynda  şu gün Palestina  yslam dünýäsinde iň möhüm meseledir diýip nygtady.

Yslam ynkylaby, ylahy däp-dessurlara esaslanýan we halka bil baglamak ruhy yslam ymmatyny oýardy we hemmeler birleşdi we hut şol döwürden sionist režimine garşy söweşýän toparlaryň we hereketleriň arasyndaky garşylyga we jebislige sebäp boldy diýip Galibaf sözüne goşdy.