Raisi: Sionist režim Eýran bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösmeginden nägiledir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i22114-raisi_sionist_režim_eýran_bilen_saud_arabystanynyň_arasyndaky_hyzmatdaşlygyň_ösmeginden_nägiledir
Eýran Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi, Yslam ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmekde hiç hili päsgelçiligimiziň ýokdugyny aýtmak bilen diňe musulmanlaryň duşmanlary we olaryň başynda sionist režim Eýran bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky ikitaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlygyň ösmeginden nägiledir diýdi.
(last modified 2023-06-18T06:53:49+00:00 )
Jun 18, 2023 11:53 Asia/Ashgabat
  • Raisi: Sionist režim Eýran bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösmeginden nägiledir

Eýran Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi, Yslam ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmekde hiç hili päsgelçiligimiziň ýokdugyny aýtmak bilen diňe musulmanlaryň duşmanlary we olaryň başynda sionist režim Eýran bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky ikitaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlygyň ösmeginden nägiledir diýdi.

IRNA-nyň habaryna görä, Seýid Ebrahim Raisi şenbe güni agşam Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Faýsal Bin Farhan bilen bolan duşuşygynda Sionist režim diňe bir palestinalylaryň duşmany bolman, eýsem ähli musulmanlar üçin howp bolup durýar we käbir ýurtlaryň bu  režim bilen gatnaşyklarynyň kadalaşmagy diňe bir howpsuzlyga däl, eýsem Yslam ymmatynyň pikirine-de garşy gelýär diýdi.

Ol şeýle-de Yslam dünýäsiniň bu iki möhüm we täsirli ýurdunyň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny gutlap, Haj möwsümine we wahyý ýurdunda dünýäniň dürli künjeklerinden musulmanlaryň bardygyna yşarat edip yslam ynançlary, hoşniýetli goňşuçylyk we iki ýurduň bähbitleri Tähran bilen Riýadyň arasyndaky gepleşikde we özara gatnaşygyndadyr diýip beýan etdi.

Raisi, sebitimizde Yslam ymmatynyň azap çeşmesine öwrülen dürli meseleleriň we kynçylyklaryň bardygyny aýtmak bilen bu meseleleri sebitdäki ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk we gepleşikler arkaly ýeňip bolar we daşary ýurtlularyň bu ugurda gatyşmagyna zerurlyk ýok diýdi.

Saud Arabystanynyň daşary işler ministri hem iki yslam ýurdunyň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagyndan we Tährana eden saparyndan uly kanagatlanma bildirmek bilen biz gadryny bilmeli altyn tapgyrdadyrys we Eýran Yslam Respublikasy bilen hyzmatdaşlyk etmek iki tarapa we sebit üçin bu şertlerden peýdalanmaga mümkinçilik berýär diýdi.