Eýran Ugandanyň hökümetine we halkyna duýgudaşlygyny bildirdi
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ugandadaky bir mekdebe edilen terrorçylykly hüjümi ýazgarmak bilen bu ýurduň hökümetine we halkyna duýgudaşlyk bildirdi.
Ugandanyň günbataryndaky bir mekdebe edilen terrorçylykly hüjümde 42 adam öldi.
Uganda polisiýasynyň aýtmagyna görä, hüjümçiler Mwendowe şäherindäki Lubirira orta mekdebine hüjüm edip, umumy ýaşaýyş jaýyny ot berdiler we azyklary taladylar.
aýdylşyna görä gündogar Kongoda ýerleşýän Ugandanyň Demokratik bileleşigi güýçleri terrorçy DAEŞ toparyna wepaly boljakdyklaryny yglan edendirler.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Naser Kanani Ugandadaky bu aýylganç terrorçylyk hereketini aladalandyryjy hasaplamak bilen bu wagşyçylykly hüjüm terrorçylygyň we ekstremizmiň dünýä jemgyýetçiligi üçin giňden ýaýran howpdygyny we oňa garşy netijeli göreşiň dünýä jemgyýetçiliginiň we degişli halkara guramalarynyň hyzmatdaşlygyny we jogapkärli hereketini talap edýändigini ýene bir gezek görkezdi diýdi.
Kanani şeýle-de ekstremizme we terrorçylyga garşy çynlakaý we täsirli göreş bilen dünýäniň dürli sebitlerinde, şol sanda Afrikada parahatçylygyň we durnuklylygyň berjaý ediljekdigine umyt bildirdi.