Amir Abdullahian: Sionist režimi sebitdäki howpsuzlygyň we durnuksyzlygyň çeşmesidir
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Palestina Yslam Jihad Hereketiniň Baş sekretary bilen bolan duşuşygynda sionist režimiň sebitdäki howpsuzlygyň we durnuksyzlygyň çeşmesidigini aýtdy.
Palestinanyň Yslam Jihad hereketiniň başsekretarynyň ýolbaşçylygyndaky delegasiýa şu gün (duşenbe) Daşary işler ministrliginde Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahian bilen duşuşdy we söhbetdeş boldy.
Eýranyň Daşary işler ministri bu ýygnakda şeýle diýdi: "Jynsparaz sionist režimi sebitde durnuksyzlygy döretmegiň esasy çeşmesidir we yslam ýurtlary we hökümetleri sionistleriň ezilen Palestina halkyna we adamzada garşy jenaýatlaryny duruzmak üçin bilelikde we täsirli çäreleri görmeli".
IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri, şehit general Gassem Soleýmanyň Palestina Çydamyny goldamakdaky roly barada şeýle diýdi: “Şehit Soleýmanyň pikirleri we yhlasly tagallalary, yslam ýurtlarynyň arasyndaky raýdaşlygy berkitmek, howpy aýyrmak Yslam ymmatynda agzybirlik döretmek, sionist režimiň wehimlerini aýyrmak şeýle-de Amerikanyň agalyk etmek boýunça syýasatlaryna garşy göreşmek dogrusynda bolandyr diýip nygtady.
"Ziýad Nakhale" bu ýygnakda şeýle diýdi: "Palestina Çydam toparlary, sionist režimine garşy çäre görmek we jebisleşmek nukdaýnazaryndan iň gowy şertde we Palestina halkynyň berk goldawy bilen sionist režimiň haýsydyr bir basybalyjylygyna garşy durup uly ýeňişlere ýetip biljekdirler diýip nygtap geçdi.