Kanani: Günbatara bikanun immigrasiýa Amerikanyň we Ýewropanyň nädogry syýasatlaryndan gözbaş alýar
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary ýüzlerçe bosguny alyp barýan gäminiň Ortaýer deňzinde gark bolmagyna jogap edip, Günbatara bikanun immigrasiýa ABŞ-nyň we Ýewropanyň nädogry syýasatlaryndan gelip çykandygyny aýtdy.
Soňky günlerde bosgun gämisiniň Gresiýanyň kenar ýakasynda agdarylmagyndan soň azyndan 59 migrant gark boldy we 104 adam halas edildi.
IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Naser Kanani sişenbe güni şahsy sahypasynda Gresiýanyň kenar ýakasyndaky Ortaýer deňziniň suwlarynda ýüzlerçe bosguny, şol sanda Aziýa we Afrika ýurtlaryndan onlarça aýal we çagany alyp barýan ýüzýän gäminiň gark bolmagy gynandyryjy we agyr wakadyr diýip ýazdy.
Kanani sözüniň dowamynda "Günbatar bosgun krizisine beýle jogapkärçiliksizlik bildirip bilmez Sebäbi Aziýadan we Afrikadan Günbatara bikanun migrasiýa we gaçybatalga gözleýänleriň köpüsi Amerikanyň we Ýewropanyň bu sebitlerdäki nädogry syýasatlaryndan gözbaş alýar diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary pida bolan bu bosgunlaryň maşgalalaryna gynanç bildirmek bilen bu agyr betbagtçylykda ölenleriň ruhlary üçin Hudaýdan parahatçylyk we rahmat sorady.