Raisi: çydam toplumy güýç balansyny üýtgedýär
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i22162-raisi_çydam_toplumy_güýç_balansyny_üýtgedýär
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti garşylyk okunyň ýeňişleri barada durup geçip, häzirki wagtda diňe bir basyp alnan ýerlerde däl, eýsem sebitde we hatda halkara arenasynda-da garşylyk frontunyň güýç balansyny üýtgedýändigini we şertleri öz peýdasyna we agalyk ediji güýjiň zyýanyna öwürendigini aýtdy.
(last modified 2023-06-20T09:44:33+00:00 )
Jun 20, 2023 14:44 Asia/Ashgabat
  • Raisi: çydam toplumy güýç balansyny üýtgedýär

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti garşylyk okunyň ýeňişleri barada durup geçip, häzirki wagtda diňe bir basyp alnan ýerlerde däl, eýsem sebitde we hatda halkara arenasynda-da garşylyk frontunyň güýç balansyny üýtgedýändigini we şertleri öz peýdasyna we agalyk ediji güýjiň zyýanyna öwürendigini aýtdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi, Tähranda Hamasyň Syýasy gullugynyň başlygy Ysmaýyl Haniýe we bir topar ýokary derejeli agzasy bilen duşuşanda Palestinanyň garşylyk frontunyň soňky üstünliklerini gutlamak bilen we bu ýeňişleriň şu gün inisiatiwanyň bu frontuň elindedigini görkezendigini aýdyp alamatlar häzirki wagtda garşylyk akymynyň öňküsinden has güýçlidigini we bu frontyň duşmanlarynyň öňküsinden has gowşakdygyny subut edýär diýdi.

Raisi şeýle hem garşylyk frontunyň ýeňişleri sionistleriň öňüni alyş güýjüni görkezmäge synanyşan keşbiniň hakyky däldigini ýüze çykardy we subut etdi diýdi.

Raisi Yslam dünýäsiniň iň möhüm meselesini Kudsyň azat edilmegi hasaplady we sionist režim bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmak synanyşygy Palestina sebäbine dönüklik we garşylyk hereketiniň arkasyndan hanjar urmak hasaplady.

Bu duşuşykda Hamasyň syýasy gullugynyň başlygy Ysmaýyl Haniýeh, Eýran Yslam Respublikasynyň palestina halkyna we Kuds Şerifiň azat edilmegine hemişe goldaw berýändigi üçin minnetdarlyk bildirmek bilen Palestindäki garşylyk frontunyň uly we möhüm üstünliklerinden biri, ähli jihadi toparlarynyň arasynda ýokary derejede jebislik, integrasiýa we utgaşdyrmagyň gazanylmagydyr diýdi.