Raisi: Duşma köpugurly söweş bilen Eýranyň ösüşini duruzmak isleýärdi
Eýranda bolup geçen soňky bidüzgünçilikler barada durup geçip, Eýranyň prezidenti duşman köpugurly söweş bilen ýurduň ösüşini togtatmak isledi, ýöne halk öňegidişligiň saklanmazlygy kararyna geldi diýdi.
Seýid Ebrahim Raisi, sişenbe güni agşam, 13-nji prezident saýlawynyň ikinji ýyl dönümi bilen bir wagtyň özünde, telewideniýede beren interwýusynda rewolýusiýanyň Ýolbaşçysynyň sözlerine salgylanyp, duşmanlar Yslam Eýranyň indi ýaş nahal däldigini ,güýçli agaçdygyny ,oňa zyýan ýetirip bilmejekdigini we bidüzgünçilikler bilen ýurda zyýan ýetirip bilmejekdigini bilmelidirler diýip nygtady.
Hökümetiň goňşuçylyk syýasaty we sebitdäki käbir ýurtlar bilen gatnaşyklary dikeltmek baradaky başga bir soraga jogap hökmünde Raisi: goňşy, yslam we ýaran ýurtlar bilen aragatnaşyk we özara gatnaşyklar daşary syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri we başyndan bäri Hökümetiň işi, ähli ýurtlar bilen ylalaşýan we dost bolanlary garşylaýarys diýip yglan etdik diýdi.