Kanani Çafi: Sionist režim jenaýatyny we ýamanlygyny dowam etmegi bilen ömrüni gysgaldýar
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Sionist režimiň ezilen Palestina halkyna garşy gazaply hüjümlerine jogap edip: Sionist režimi jenaýatlaryny we ýamanlyklaryny dowam etdirmek bilen ömrüni gysgaldýar diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Naser Kanani Çafi twitde ezilen Palestina halkynyň sionist režimiň agressiýasyna we wagşyçylykly hüjümlerine garşy durýandygyna yşarat etmek bilen, ýel eken tupany orar diýip ýazdy.
Kanani Çafi şeýle-de garşylyk, Palestina halkynyň terrorçylyga, basyp alyşlyga we aparteide garşy tebigy we kanuny jogabydyr we Palestiniň ezilen, ýöne çydamly halky sionistleriň guramaçylykly terrorçylygyny we ýamanlygyny jogapsyz galdyrmaz diýdi.
Sionist režimi Hermes 450 pilotsyz uçaryny ulanyp, goşun bilen Şabagyň (aňtaw we içerki howpsuzlyk guramasy) bilelikde işlemeginde üç sany Palestina garşylyk güýçini ulagda terror etdi.
Palestina Yslam Jihad Hereketiniň harby bölümi "Saraýa Al-Kuds" bilen baglanyşykly Jenin batalýony öz beýanatynda bu toparyň 3 güýjiniň Sionist režiminiň pilotsyz uçar operasiýasynda şehit bolandygyny habar berdi.
Sionist režimiň bu jenaýaty Garşylyk toparlarynyň reaksiýasyna sebäp boldy.