Eýran, Sionistler tarapyndan Guranyň kemsidilmegini ýazgardy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i22220-eýran_sionistler_tarapyndan_guranyň_kemsidilmegini_ýazgardy
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary sionistler tarapyndan Mukaddes Kuranyň kemsidilmegini ýazgardy.
(last modified 2023-06-24T06:22:24+00:00 )
Jun 24, 2023 11:22 Asia/Ashgabat
  • Eýran, Sionistler tarapyndan Guranyň kemsidilmegini ýazgardy

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary sionistler tarapyndan Mukaddes Kuranyň kemsidilmegini ýazgardy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Naser Kanani Çafi twitde şeýle ýazdy: Sionistleriň metjitlere gazaply hüjümi we Gurany kemsitmek, Palestinalylaryň jaýlaryny ýykmak, çagalary we aýallary we Palestinaly goragsyz halkyny her gün öldürmek galp režimiň dini mukaddesliklerine we adam hukuklaryna hüjüm etmekde islendik gyzyl çyzyklara boýun bolmazlygynyň alamatdyr diýdi.

Kanani Çafi sözüniň dowamynda, Günbatar hökümetleriniň goldawy bilen dymmagy netijesinde, sionistleri wagşyçylykda palestinalylara garşy hüjümlerini has berkitýär diýip beýan etdi.

Penşenbe güni gije, sionistler Nablusyň günortasyndaky "Aurif" şäherindäki metjitleriň birine hüjüm edip, Gurany kemsitdiler.

Sionistler, şeýle hem Ramallah we Nablusdaky käbir palestinaly jaýlary, awtoulaglary we oba hojalyk önümlerini ot berdiler.