Ynkylabyň ýokary lideri: "Agzybirlik" we "Ruhyýet" imperializmiň duşmançylygyna gabat gelip dur
Yslam Rewolýusiýasynyň ýokary lideri, Beýik Haj Gurultaýy mynasybetli eden ýüzlenmesinde "Agzybirlik" we "Ruhyýet" imperializmiň duşmançylygyna gabat gelip dur diýip nygtadylar.
Bu habarynda Hezreti Aýatolla Hameneýi, Hajyň global täsiri üçin zerur şertiň, "agzybirligiň" we "iki sütüniň" esasynda bu syrly borjuň ýaşaýyş beriji salgysy barada yslam ymmatynyň dogry düşünilmegi we bilimi bolandygyny aýdyp Amerika we ulumsy agalyk edýän beýleki polýuslar musulmanlaryň agzybirligine, musulman halklarynyň, ýurtlaryň we hökümetleriň düşünişmegine, bu halklaryň ýaş nesliniň dindarlygyna we kanunçylygyna berk garşy çykýarlar we mümkin boldugyça öňüne geçjek bolup tagalla edýärler diiýp beýan etdiler.
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri, yslam ymmatynyň bitewiligini gepleşik, intellektual we amaly aragatnaşyk, ugurlaryň sinergiýasy we ýakynlygy, yslam ýurtlarynyň hyzmatdaşlygy we ykdysady baglanyşygy manysyndadygyny aýdyp bu jebisligiň beýleki bir ugry, yslam dininiň alymlarynyň arasynda ak ýüreklilige, çydamlylyga, adalatlylyga we musulman ýurtlarynyň italarynyň arasynda ýakyn aragatnaşyga esaslanýan gepleşikdir diiýp sözlerine goşdylar.
Aýatolla Hameneýi sözleriniň soňunda Hemmämiziň we ähli halklarymyzyň we hökümetlerimiziň borjy, erbet amerikan we sionist meýilnamasyna garşy durmakdyr diýip nygtap geçdiler.