Mohber musulman hökümetlerini we halklaryny Gurban baýramy bilen gutlady
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidentiniň birinji orunbasary yslam ýurtlarynyň premýer-ministrlerne we prezidentleriniň birinji orunbasarlaryna iberen aýry-aýry sargytlarynda musulman hökümetlerini we halklaryny Gurban baýramynyň gelmegi bilen gutlady.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidentiniň birinji orunbasary "Muhammet Mohber" öz hatynda Gurban baýramyny dünýä gatnaşyklaryndan ýüz öwürmegiň we Taňrynyň buýrugyna we razylygyna arassa boýun bolmagyň aýdyň mysaly hökmünde agzap geçdi.
Mohber şeýle-de bu hoşniýetli baýramyň berekedi bilen musulman halklarynyň agzybirliginiň we raýdaşlygynyň artmagy we adalatyň we deňligiň ýaýramagy bütin dünýäde ýaýramagyna umyt bildirdi.
Ertir (penşenbe) musulmanlaryň uly baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramydyr.