Tähranyň juma namazynyň hatyby: Amerika we sionistler Gurany masgaralamakda günäkärdirler
Tähranyň juma namazynyň ymamy Kurana bihormatçylyk etmek sionistleriň we sionist lobbisiniň islegi we öjükdirmegi bilen edilýär diýdi.
Tähranyň juma namazynyň hatyby Hojjatul-Islam wal-Muslimen Muhammet Jawad Haj Ali Akbari Şwesiýa hökümetiniň Gurany masgaralamak üçin beren rugsadyna yşarat edip Şwesiýanyň hökümetiniň Haj we Gurban baýramy günlerinde bütin dünýäde 2 milliard töweregi musulmanyň mukaddes kitabyny masgara etmek üçin rugsat bermek baradaky medeni we adamzada garşy hereketi, dünýädäki musulmanlaryň duýgularyna zyýan ýetirdi diýdi.
Hojjatul-Islam wal-Muslimen Muhammet Jawad Haj Ali Akbari döwrüň ajy gülkünç tarapy, Günbatar ýurtlarynyň özleriniň nejis işlerini azatlyk ady bilen atlandyrmaklarydyr diýmek bilen näme üçin adamlara we ýer ýüzünde ýaşaýan 2 milliard musulmanyň mertebesine hormat goýmaýarsyňyz diýmäge batyrlygyňyz ýok!? diýdi.
Tähranyň wagtlaýyn juma ymamy şeýle-de Şwesiýanyň hökümeti karar berenok we bu sözlerden has ejiz we biçäredir we bu nejis hereket sionistleriň we sionist lobbisiniň islegi bilen amala aşyrylýar diýdi.
Tähranyň juma namazynyň hatyby şeýle-de Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Yslam hökümetleriniň, kanuny kanallar we halkara hukugy arkaly Şwesiýanyň hökümetiniň Mukaddes Gurany masgaralamak üçin alyp barýan ýigrenji hereketlerine ökünçli we yhlasly çemeleşmesini umyt etdi.