Tähranyň juma namazynyň hatyby: Amerika we sionistler Gurany masgaralamakda günäkärdirler
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i22300-tähranyň_juma_namazynyň_hatyby_amerika_we_sionistler_gurany_masgaralamakda_günäkärdirler
Tähranyň juma namazynyň ymamy Kurana bihormatçylyk etmek sionistleriň we sionist lobbisiniň islegi we öjükdirmegi bilen edilýär diýdi.
(last modified 2023-06-30T09:26:16+00:00 )
Jun 30, 2023 14:26 Asia/Ashgabat
  • Tähranyň juma namazynyň hatyby: Amerika we sionistler Gurany masgaralamakda günäkärdirler

Tähranyň juma namazynyň ymamy Kurana bihormatçylyk etmek sionistleriň we sionist lobbisiniň islegi we öjükdirmegi bilen edilýär diýdi.

Tähranyň juma namazynyň hatyby Hojjatul-Islam wal-Muslimen Muhammet Jawad Haj Ali Akbari Şwesiýa hökümetiniň Gurany masgaralamak üçin beren rugsadyna yşarat edip Şwesiýanyň hökümetiniň Haj we Gurban baýramy günlerinde bütin dünýäde 2 milliard töweregi musulmanyň mukaddes kitabyny masgara etmek üçin rugsat bermek baradaky medeni we adamzada garşy hereketi, dünýädäki musulmanlaryň duýgularyna zyýan ýetirdi diýdi.

Hojjatul-Islam wal-Muslimen Muhammet Jawad Haj Ali Akbari döwrüň ajy gülkünç tarapy, Günbatar ýurtlarynyň özleriniň nejis işlerini azatlyk ady bilen atlandyrmaklarydyr diýmek bilen näme üçin adamlara we ýer ýüzünde ýaşaýan 2 milliard musulmanyň mertebesine hormat goýmaýarsyňyz diýmäge batyrlygyňyz ýok!? diýdi.

Tähranyň wagtlaýyn juma ymamy şeýle-de Şwesiýanyň hökümeti karar berenok we bu sözlerden has ejiz we biçäredir we bu nejis hereket sionistleriň we sionist lobbisiniň islegi bilen amala aşyrylýar diýdi.

Tähranyň juma namazynyň hatyby şeýle-de Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Yslam hökümetleriniň, kanuny kanallar we halkara hukugy arkaly Şwesiýanyň hökümetiniň Mukaddes Gurany masgaralamak üçin alyp barýan ýigrenji hereketlerine ökünçli we yhlasly çemeleşmesini umyt etdi.