Kanani fransuz döwlet işgärlerine ýüzlendi: başgalara berýän maslahatyňyza özüňiz hem gulak asyň
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary fransuz döwlet işgärlerine demonstrantlaryň sesini diňlemegi we aşa zorluk ulanmazlygy maslahat berdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň diplomatik gullugynyň metbugat sekretary Naser Kanani Fransiýada bolup geçýän häzirki ýagdaý barada metbugat ýygnagynda fransuz döwlet işgärleriniň başgalara berýän maslahatlaryna üns bermelidigini aýtdy.
Kanani, Eýranyň içerki wakalary bilen baglanyşykly günbatarlylaryň Eýranyň içerki işlerine barha artýan gatyşmalarynyň we bütinleý öjükdiriji çykyşlarynyň bolandygyny aýdyp Eýran bilen baglanyşykly bolup geçen wakalaryň ep-esli bölegi, parahatçylygyň ýerine zorlugy maslahat berýän dürli ýurtlaryň öjükdiriji gatyşmalary sebäpli ýüze çykdy; Şonuň üçin Eýran Fransuz resmilerinden şol bir teklipleri gözden geçirmegi we raýatlaryň sesini diňlemegi isleýär diýip yglan etdi.