Amir Abdollahian: Ylham Alyýew bilen duşuşyk oňyn boldy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i22378-amir_abdollahian_ylham_alyýew_bilen_duşuşyk_oňyn_boldy
Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian Azerbaýjan Respublikasynyň prezidenti Ylham Alyýew bilen bolan duşuşygy twitde döredijilikli, jikme-jik we netijeli diýip häsiýetlendirdi.
(last modified 2023-07-06T04:44:26+00:00 )
Jul 06, 2023 09:44 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdollahian: Ylham Alyýew bilen duşuşyk oňyn boldy

Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian Azerbaýjan Respublikasynyň prezidenti Ylham Alyýew bilen bolan duşuşygy twitde döredijilikli, jikme-jik we netijeli diýip häsiýetlendirdi.

Huseýin Amir Abdollahian çarşenbe güni Bakuwda Ylham Aliýew bilen duşuşdy we söhbetdeş boldy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Amir Abdollahian öz sargydynda bu aç-açan we ýakyn gepleşikleriň netijeleriniň, iki dostlukly, dogan we goňşy ýurt bolýan Eýran bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklarda täze bölümi açmagyna we iki ýurduň ýaman niýetli duşmanlaryny nomyt eder diýip garaşylýar.

Sişenbe güni Huseýin Amir Abdollahian, Goşulmazlyk hereketiniň daşary işler ministrleriniň ýygnagyna gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Bakuda gitdi.

Goşulmazlyk hereketi agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň "Goşulmazlyk hereketi; ýüze çykýan kynçylyklara garşy durmak we tutanýerli bolmak" ady bilen ýygnagy düýn çarşenbe güni Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Bakuwyň ýygnak merkezinde başlandy we şu gün hem dowam edýär.