Eýranyň nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmekde özüni üpjün etmegi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i22380-eýranyň_nebit_we_gaz_ýataklaryny_özleşdirmekde_özüni_üpjün_etmegi
Eýranyň nebit ministri Eýran Yslam Respublikasy deňizdäki we gury ýerdäki nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmekde özüni doly üpjün edýär diýdi.
(last modified 2023-07-06T05:56:09+00:00 )
Jul 06, 2023 10:56 Asia/Ashgabat

Eýranyň nebit ministri Eýran Yslam Respublikasy deňizdäki we gury ýerdäki nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmekde özüni doly üpjün edýär diýdi.

Wenada nebit eksport edýän ýurtlaryň (OPEK) halkara seminarynyň çäginde Eýranyň nebit ministri "Jawad Oji", Eýranpress habarçysyna Eýranyň nebit-gaz pudagynyň sanksiýalaryň kölegesinde mümkinçiligi barada düşündiriş bermek bilen deňizde we gury ýer böleginde keseligine we dikligine guýulary burawlamak boýunça ähli işler başarnykly içerki kompaniýalar tarapyndan amala aşyrylýar diýdi.

Eýranyň nebit ministri sözüniň dowamynda Eýranly hünärmenler Günbatar ýurtlarynyň Eýran Yslam Respublikasyna garşy alyp barýan zalymlykly sanksiýalary wagtynda ýurduň nebit we gaz pudagynyň zerurlyklaryny doly kanagatlandyrdylar diýip beýan etdi.

Oji şeýle-de Eýranyň nebithimiýa desgalarynyň we hatda gazy gaýtadan işleýän zawodlaryň gurluşygy taýdan özüni doly üpjün edendigini aýtdy.

Eýranyň nebit ministri, şeýle hem Eýranyň nebit we gaz gorlary barada agzap Eýran, nebit we gaz gorlary boýunça dünýäde birinji ýerde durýar diýdi.

Oji şeýle-de Eýran gaz gorlary boýunça dünýäde ikinji ýerde durýar, häzirki wagtda Eýranyň gaz öndürmek kuwwaty bir günde 1 milliard kub metrdir we bäş ýyllyk meýilnamanyň çäginde önümçiligiň bu mukdary günde bir milliard iki ýüz elli million kub metre çenli artar diýdi.