Raisi: Eýran bilen Alžiriň arasyndaky gatnaşyklary söwda we ykdysady ugurlarda giňeldip bolar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i22394-raisi_eýran_bilen_alžiriň_arasyndaky_gatnaşyklary_söwda_we_ykdysady_ugurlarda_giňeldip_bolar
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Eýran bilen Alžiriň arasyndaky gatnaşyklary iki dost, dogan we musulman ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyk hasaplamak bilen iki tarapyň ýakyn we sazlaşykly sebit we halkara pozisiýalaryna esaslanyp söwda we ykdysady ugurlarda giňeldilip bilner diýdi.
(last modified 2023-07-08T13:09:08+00:00 )
Jul 08, 2023 18:09 Asia/Ashgabat
  • Raisi: Eýran bilen Alžiriň arasyndaky gatnaşyklary söwda we ykdysady ugurlarda giňeldip bolar

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Eýran bilen Alžiriň arasyndaky gatnaşyklary iki dost, dogan we musulman ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyk hasaplamak bilen iki tarapyň ýakyn we sazlaşykly sebit we halkara pozisiýalaryna esaslanyp söwda we ykdysady ugurlarda giňeldilip bilner diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýid Ebrahim Raisi şenbe güni Alžiriň Daşary işler ministri Ahmed Attaf bilen bolan duşuşygynda rewolýusiýa taryhyny we Alžir halkynyň kolonializme garşy garşylygyny öwmek bilen Eýran Yslam Respublikasynyň hyzmatdaşlygy giňeltmek we Alžir bilen gatnaşyklaryň derejesini ýokarlandyrmak islegine ünsi çekdi.

Raisi Eýranyň möhüm ylmy we tehnologiki üstünliklerine we mümkinçiliklerine salgylanyp, bu üstünlikleri Alžir bilen paýlaşmaga taýýardygyny mälim etmek bilen Yslam ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň güýçlenmegini yslam ýurtlarynyň güýçli toparyny döretmek üçin esas hasaplady.

Ol şeýle-de Yslam ýurtlarynyň hemmesi biri-biri bilen sazlaşykly bolsalar we beýleki yslam ýurtlarynyň Eýranyň we Alžiriň Palestini goldamakdaky pozisiýasy bolan bolsa, bu gün sebitde we dünýäde musulmanlara garşy agalyk ediji ulgamyň wagşylygy bolmazdy diýdi.

Alžiriň Daşary işler ministri Ahmad Ataf hem öz ýurdunyň prezidentiniň salamlaryny Eýranyň prezidentine gowşurmak bilen Eýran hökümetiniň daşary syýasatynda daşary gatnaşyklardaky üstünliklerine we dostlukly, doganlukly we musulman ýurtlary bilen gatnaşyklary giňeltmek tagallalaryna oňyn baha bermek bilen iki ýurdyň ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyny nygtady.