Raisi: Eýran bilen Keniýanyň hyzmatdaşlygy üçin köp mümkinçilikleri bardyr
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, Eýran bilen Keniýanyň hyzmatdaşlyk üçin köp mümkinçilikleriniň bardygyny aýtmak bilen iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň göwrümini häzirki derejeden 10 esse ýokarlandyrmagy maksat edinýändigini aýtdy.
IRNA-nyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi çarşenbe güni Keniýanyň Prezident köşgünde Eýran bilen Keniýanyň wekiliýetleriniň arasynda geçirilen gepleşiklerden we iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin aragatnaşyk, balykçylyk, oba hojalygy, saglygy goraýyş, tehniki we hünär bilim ugurlarynda bäş hyzmatdaşlyk resminamasyna gol çekilenden soň, bilelikdäki metbugat ýygnagynda Keniýanyň prezidenti William Ruto, Eýranyň Afrika yklymynyň ähli hökümetleriniň elini mähir bilen silkýändigini we bu gatnaşyklaryň Eýran bilen Keniýanyň iki ýurdunyň arasynda günsaýyn ösüp biljekdigini aýtdy.
Dürli ugurlarda Eýran bilen Keniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňelmegine ünsi çeken Raisi, Yslam Rewolýusiýasy we Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysynyň görkezmeleri netijesinde Eýranyň sanksiýalara we howplara garşy durup, dürli ylmy, tehnologiki we ykdysady ugurlarda öňe gidişlik edendigini sözüniň üstüne goşdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, Keniýa hökümetiniň we halkynyň myhmansöýerligine ýokary baha berip, Tähran bilen Naýrobiniň arasyndaky gatnaşyklaryň öňküsinden has ösjekdigine umyt bildirdi.
Keniýanyň prezidenti "William Samui Ruto" hem metbugat ýygnagynda Eýran bilen Keniýanyň arasyndaky şertnamalaryň bir bölegine ünsi çekip, Eýranyň Keniýada awtoulag montaž zawody gurjakdygy we Keniýada suwaýili atlary bolan eýran awtoulaglaryny öndürjekdigi barada ylalaşyldy diýdi.
Keniýanyň prezidenti şeýle-de bu ýurduň gujagynyň eýranly maýadarlar üçin açykdygyny belläp, Keniýa olar üçin amatly örini döreder diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti we wekiliýeti bilen Afrika giden Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian twitde şeýle ýazdy: Dürli eksport we import bazarynyň bolmagy, Eýranyň Afrika ýurtlary bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm tarapydyr.