Galibaf: Eýranyň territorial bitewiligini haýsydyr bir tarap bilen ylalaşdyryp bolmaz
Eýranyň Yslam şura mejlisiniň başlygy Eýranyň territorial bitewiligini haýsydyrbir tarap bilen ylalaşdyryp bolmaz diýip nygtady.
Günbataryň we Demirgazyk Atlantik Şertnama Guramasynyň "NATO" -nyň geosyýasy giňelmeginiň pidasy bolan we oňa garşy göreşýän Russiýa, Günbataryň Pars aýlagyny durnuksyzlaşdyrmak baradaky geosyýasy meýilnamasyna kömek etmeli däldir diýip MUhammet Bager Galibaf aýtdy.
IRNA-nyň habaryna görä, Galibaf Pars aýlag hyzmatdaşlygy geňeşiniň we Russiýanyň Eýranyň üç adasy baradaky soňky bilelikdäki beýanyny tankytlap Yslam şura mejlisi Pars aýlagy ýurtlarynyň we Russiýanyň Eýranyň üç adasy baradaky bilelikdäki beýannamasyny berk ret edýär diýip yglan etdi.
Eýranyň goňşularyna, şol sanda Russiýa, sebitde durnuklylygy we ykdysady ösüşi diňe goňşuçylyk ýörelgelerine, şol sanda Eýranyň territorial bitewiligine hormat goýmak esasynda mümkindigini habar berýäris diýip Eýranyň Yslam şura mejlisiniň başlygy yglan etdi.