Ruhani: Kermanşa welaýatynyň hadysa uçran sebitlerini ýaňadan abatlamak döwletiň gün tertibindedir
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Eýranyň günbatarynda ýerleşen Kermanşa welaýatynyň ýer titreme hadysasyna uçran sebitleriniň howpsuzlygynyň üpjün edilmegini we ejir çeken ilatyň esasy gerekliklerini tizlik bilen üpjün edilmegini nygtady.
ýekşenbe gije 7/3 rişder derejesinde bolan ýer titreme zerarly Eýranyň Kermanşa welaýatynyň 432 ýaşaýjysy ölendir we takmynan 7600 raýaty ýaraly bolandyrlar.
prezident Hasan Ruhani ýurduň bütin organlarynyň we jogapkärleriniň hadysa uçran ilatyna kömek ýetirmek üçin gerek çäreleri meýilleşdirmeklerini isledi.
Ruhani şeýle-de ýer titremede öýleri dargan ýada zyýan gören adamlara gaýtargysyz kömekleriň beriljekdigini we uzak möhletli kreditleriň beriljekdigini yglan etdi.