Amir Abdollahian: Şwesiýanyň ilçisi Eýrana gaýdyp gelmek haky ýok
Eýranyň Daşary işler ministri Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň buýrugy boýunça, Şwesiýanyň hökümeti yslam mukaddeslikleriniň yzygiderli bozulmagy bilen baglanyşykly çynlakaý çäreleri görýänçä, bu ýurduň täze ilçisine Eýrana gaýdyp gelmegine rugsat berilmez diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahian telewideniýede beren interwýusynda Şwesiýada Gurany ikinji gezek kemsitmek barada şeýle diýdi: Şwesiýanyň ilçisi Tährandaky işini tamamlady we Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisiniň buýrugy boýunça bu ýurduň täze ilçisi Eýrana girip bilmez we Eýranyň täze ilçisi Şwesiýanyň hökümeti görülýän çärelere garşy çynlakaý çäre görýänçä bu ýurda iberilmez diýdi.
Amir Abdollahian bu kararyň Şwesiýanyň hökümetine-de yglan edilendigini aýtmak bilen käbir yslam ýurtlarynyň gowy reaksiýalary bardy we yslam ýurtlary bilen yzygiderli aragatnaşykda bu herekete garşy durmak we Guranyň mukaddesligini goramak üçin bitewi we sazlaşykly çemeleşiler diýdi.
Şol bir wagt Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary, Daniýadaky Gurany kemsitmegi berk ýazgardy.
Daniýada aşa sagçyl topar, Şwesiýa-Yrak raýaty birnäçe hepdäniň dowamynda ikinji gezek Gurany kemsidip başlandan soň, Kopengagendäki Yragyň ilçihanasynyň öňünde Guranyň bir nusgasyny ýakdy.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Naser Kanani Çafi" şenbe güni beren gürrüňlerinde Eýran Yslam Respublikasynyň nukdaýnazaryndan, Daniýa hökümeti Gurana we Yslamyň mukaddes zatlarynyň kemsidilmeleriň öňüni almak, şeýle hem olary kemsidýänleri jogapkärçilige çekmek we jezalandyrmak üçin jogapkärdir we bu nukdaýnazardan Yslam dünýäsiniň jemgyýetçilik pikiri Daniýa hökümetiniň işlerine garaşýar diýip beýan etdi.